Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Dünýä Söwda Guramasynyň 156-njy agzasyna öwrüldi


Çarşenbe güni Orsýet resmi ýagdaýda Dünýä Söwda Guramasyna agza boldy. Şeýlelikde, bu dünýä guramasyna agza ýurtlaryň sany 156-a ýetdi. Şu günki güne çenli Orsýet dünýäniň iri ýurtlarynyň arasynda bu gurama agzalyga kabul edilmedik ýeke-täk ýurt bolup gelipdi.

Dünýä Söwda Guramasyna agzalyk Orsýete bu guramanyň agzalary bilen söwda we ykdysady gatnaşyklarda giň mümkinçilikleri döredýär.

Emma, şol bir wagtyň özünde, Birleşen Ştatlaryň Orsýete garşy 1974-nji ýyldan bäri ulanyp gelýän “Jakson-Wanik” gadagançylygyny ýatyrmandygy sebäpli, Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň söwda gatnaşyklary çäkli ýagdaýda bolmagynda galar.

Bu ykdysady gadagançylyk Sowet Soýuzy ýyllarynda ynsan hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýy bilen baglanyşykly girizilipdi.
XS
SM
MD
LG