Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň prezidenti Rahmon Türkmenistana sapar edýär


Çarşenbe güni Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon resmi sapar bilen Türkmenistana bardy.

Iki gün dowam etjek bu saparynyň barşynda Emomali Rahmon penşenbe güni Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirer.

Bu gepleşikde döwlet liderleriniň iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň möhüm ugurlaryny ösdürmek meseleleri barada maslahat etjekdikleri habar berilýär.

Maglumata görä, gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara degişli birnäçe möhüm dokumentlere-de gol çekiler.
XS
SM
MD
LG