Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda rus harby bazasynyň golaýynda ok-däri partlady


Täjigistanda rus harby bazasyna degişli Mumirak synag meýdanynyň golaýynda ok-däriniň partlamagy netijesinde on ýaşly bir çaga heläk boldy, ýene biri ýaralandy.

Täjik resmileriniň beren maglumatynda bu wakanyň geçen sişenbe güni ýüze çykandygy aýdylýar.

Çagalar ene-atasyna ekin meýdanynda ýardam berýärkä ok-därini tapypdyrlar.

Täjik metbugatynda partlan ok-däriniň rus harby bazasyndan bolmagynyň mümkindigi çaklanýar.

Täjigistandaky rus harby resmisi bolsa bu okuň öz harby bazalaryna degişli däldigini aýtdy.

Ruslaryň Täjigistandaky harby bazasynda 6 müň esgerden ybarat goşuny bar.

Täjik resmileri bu waka bilen bagly derňewiň geçirilýändigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG