Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kaddafiniň ozalky aňtaw başlygynyň adalatly sud edilmegine çagyrýar


ABŞ Liwiýa ýurduň ozalky ýolbaşçysy Muammar Kaddafiniň aňtaw gullugynyň başlygynyň adalatly sud edilmegine çagyryş etdi.

Şeýle-de Waşington Liwiýanyň hökümetini Halkara jenaýat sudy (ICC) bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Abdullah al-Senussi Kaddafi döwründe amala aşyran jenaýat aýyplamalary boýunça Liwiýa ekstradisiýa edildi. Ol mart aýynda Mawritaniýada tussag edilipdi.

Halkara jenaýat sudunyň bellemegine görä, al-Senussi geçen ýyl Liwiýada ýüz beren tolgunşyklary basyp ýatyrmak synanşyklarynda “möhüm” roly oýnapdyr.

Kaddafiniň ogly Seif al-Islam şu aý Liwiýada sud ediler.
XS
SM
MD
LG