Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bill Klinton prezident Obamany öwüp çykyş etdi


ABŞ-nyň ozalky prezidenti Bill Klinton amerikalylara ýüzlenip Barak Obamany ikinji möhlete prezidentlige saýlamaga çagyrdy.

Klinton bu barada çarşenbe güni Demokratik partiýanyň umumymilli gurultaýynda çykyş etdi. Ol Obamanyň Respublikanlaryň eden ýalňyşlyklaryny düzetmek bilen meşgullanýandygyny hem belläp geçdi.

Obamanyň özi gurultaýda penşenbe güni çykyş eder. Ol 6-njy noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Massaçusetts ştatynyň ozalky häkimi Mitt Romneý bilen bäsleşer.
XS
SM
MD
LG