Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bill Klinton halky Obamany goldamaga çagyrýar


ABŞ-nyň ozalky prezidenti Bill Klinton Demokratik partiýanyň gurultaýynda sahna çykanda, Barak Obamanyň öňünde baş egdi. Çarlotte, 5-nji sentýabr, 2012.
ABŞ-nyň ozalky prezidenti Bill Klinton Demokratik partiýanyň gurultaýynda sahna çykanda, Barak Obamanyň öňünde baş egdi. Çarlotte, 5-nji sentýabr, 2012.
Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Demokratik partiýasynyň gurultaýynda eden çykyşynda ýurduň ozalky prezidenti Bill Klinton Amerikanyň halkyny Barak Obamany ikilenji gezek prezident saýlamaklyga çagyrdy.

Demirgazyk Karolina ştatynyň Çarlotte şäherinde geçirilýän bu gurultaýyň ikilenji güni eden bu çykyşynda Klinton prezident Obamanyň döwlet syýasatyny doly goldaýandygyny mälim etdi.

“Prezident Obamanyň çemeleşişi Amerikanyň 21-nji asyrdaky umytlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur bolan gymmatlyklary, ideallary we ugry öz içine alýar. Bu amerikan umydy umumy mümkinçiliklerden, umumy jogapkärçiliklerden, umumy üstünliklerden we umumy raýdaşlyk duýgusyndan ybaratdyr” diýip, Bill Klinton nygtady.

Beýlekilerden tapawutlandyryldy

Klinton ýurdy Respublikan partiýanyň ýol beren ýalňyşlyklaryndan saplamakda-da Barak Obamanyň deňi-taýy bolmadyk iş bitirendigini belledi: “Hiç bir prezident, hiç bir prezident, men hem, menden ozalky prezidentlerem Obamanyň dört ýylda ýüzbe-ýüz bolan weýrançylygy ýaly weýrançylygyň hötdesinden doly gelip bilmändi”.

Bill Klintonyň çykyşynyň yzy bilenem, Demokratik partiýa Barak Obamany resmi ýagdaýda prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde tassyklady.

Şu ýylyň 6-njy noýabrynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda ol Respublikan partiýadan kandidat, Massaçusets ştatynyň ozalky gubernatory Mitt Romneý bilen bäsleşer. Soňky pikir soraýyşlyklar Barak Obamanyň Mitt Romneýden sähel köpräk goldawdan peýdalanýandygyny görkezýär.

“Hudaý” diýen söz goşuldy

Häzirki gurultaýyň barşynda çarşenbe güni demokratlar öz partiýalarynyň syýasy platformasynyň tekstine-de käbir üýtgetme girizdiler. Syýasy platformanyň tekstine “Hudaý” diýen söz goşuldy we Ysraýylyň paýtagty bilen bagly meselede anyk pozisiýa yglan edildi.

Hususan-da, indi syýasy platformanyň tekstinde Birleşen Ştatlarda “tutanýerli zähmet çekmek isleýän adamlaryň her birine Hudaý tarapyn berlen potensialy ýüze çykarmaklyga mümkinçilik berjek” hökümetiň zerurdygy aýdylýar.

Şeýle hem, bu tekstde Ierusalim şäheriniň “Ysraýylyň paýtagtydygy we şeýle bolmagynda-da galjakdygy” hem-de bu şäheriň “ähli diniň wekilleri üçin elýeterli, bölünmez şäher bolmalydygy” nygtalýar.

Çarlotte şäherinde howanyň ýaramazlaşmagyna garaşylýandygy sebäpli, Barak Obamanyň prezidentlige kandidatlygy resmi kabul edişlik dabarasyny şäheriň 74 müň orunlyk stadionynda geçirmek plany ýatyryldy we ony gurultaýyň 15 müň orunlyk zalynda geçirmeklik karar edildi.

Respublikan partiýanyň resmileri demokratlaryň bu kararyny olaryň halkyň öňünde çykyş etmäge gaýratlarynyň kemterlik edýändigi bilen baglanyşdyryp, muny ýaňsa aldylar.
XS
SM
MD
LG