Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Türkmenistana wiza režimini ýeňilleşdirmegi teklip edýär


Nikolaý Azarov: “Ukraina 40-dan gowrak ýurt bilen wizasyz režimde gatnaşyk saklaýar. Emma Türkmenistan bilen hazire çenli wiza režimi saklanyp galýar".
Nikolaý Azarov: “Ukraina 40-dan gowrak ýurt bilen wizasyz režimde gatnaşyk saklaýar. Emma Türkmenistan bilen hazire çenli wiza režimi saklanyp galýar".
Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Baýmyrat Hojamuhamedow bilen 5-nji sentýabrda Kiýewde geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen wiza režimini ýeňilleşdirmek barada teklip bilen çykyş etdi. Bu barada Ukrainanyň Ministrler kabinetiniň sekretariatynyň informasiýa we köpçülikleýin aragatnaşyk bölüminiň maglumatynda aýdylýar.

“Ukraina 40-dan gowrak ýurt bilen wizasyz režimde gatnaşyk saklaýar. Emma Türkmenistan bilen hazire çenli wiza režimi saklanyp galýar. Geliň häzirlikçe işewür adamlar üçin wizasyz režime geçeliň, ikinji etapda bolsa beýleki raýatlarymyz üçin wizasyz režimi girizmek barada maslahat edeliň” diýip, Nikolaý Azarow teklip etdi.

Ukrainanyň Ykdysady ösüş we söwda ministri Petr Poroşenko Türkmenistanda geçirilýän tenderlere ukrain kompaniýalarynyň gatnaşmagyna wiza režiminiň päsgelçilik döredýändigini belledi.

Wiza režimini ýeňilleşdirmek zerurlygy barada gürrüň edip, Poroşenko Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmeklige we bu ýurtlarda söwda öýleriniň döredilmegine ünsi çekdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Baýmyrat Hojamuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ykdysady-söwda dolanyşygynyň iki esse artandygyny belledi. Ol Türkmenistanda açylýan täze gaz ýataklarynyň agtaryş işleri boýunça tendere gatnaşmak üçin ukrain kompaniýalaryny çagyrdy.

Bilim pudagyndaky gatnaşyklar

Türkmenistan Ukraina bilen ykdysady-söwda we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklaryny giňeltmegi planlaşdyrýar. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň daşary işler ministri Konstantin Grişenko bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynda iki tarapy gyzyklandyrýan dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek meselesini maslahat etdi.

2012-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň ýokary derejeli resmi delegasiýasynyň Ukraina sapary wagtynda iki ýurduň arasynda bilim, ylym meseleleri boýunça gepleşiklerde Ukrainada bilim almak isleýan türkmenistanly studentleriň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy bellenildi.

Orsýetli türkmen pedagogy Serdar Ataýew Türkmenistandan GDA ýurtlaryna, şol sanda Ukraina okamaga gelýän studentleriň sanynyň köpelýändigini göz öňünde tutup, Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda wiza meselesiniň diňe biznesmenler üçin däl-de, eýsem student ýaşlary üçin hem zerurdygyny nygtaýar.

Ataýew: “Türkmenistandan gaýdýan ýaşlar ýyl-ýyldan köpelýär. Şol bir wagtyň özünde ilçihanalara wiza diýip ýüz tutýanlar hem köpelýär”.

Ataýew student wizasyny almaklygyň ýeňil iş däldigini aýdýar: “Türkmenistandan çykmak üçin ilki çakylyga garaşmaly, çakylyk gelensoň ilçihana barmaly, otaýda nobata durmaly, pul tölemeli, ýene etmeli, bu gerekmejek problema ýaşlar üçin”.

Ukrainanyň bilim we ylym, ýaşlar we sport ministrliginiň maglumatyna görä, häzirki wagtda Ukrainada 8300 türkmenistanly student okaýar. Ukraina daşary ýurtlardan okamaga gelýän studentleriň sany boýunça Türkmenistan öňdäki hatarda durýar.

Şu ýylyň mart aýynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanykowiç prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kiýewde geçiren duşuşygynda Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda okajak türkmenistanly studentleriň sanyny köpeltmäge Ukrainanyň taýýardygyny belledi.
XS
SM
MD
LG