Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama “saýlamaly ýoly açyk” etdi


"Biziň teklip edýän ýolumyzyň kynrak bolmagy mümkin. Ýöne ol gowy ýere alyp barýar" diýip, Obama aýtdy. 6-njy sentýabr, 2012.
"Biziň teklip edýän ýolumyzyň kynrak bolmagy mümkin. Ýöne ol gowy ýere alyp barýar" diýip, Obama aýtdy. 6-njy sentýabr, 2012.
Barak Obama özüniň Birleşen Ştatlaryň prezidentligine ikinji möhlete kandidat görkezilmegini resmi taýdan kabul etdi.

Ol Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotte şäherinde Demokratik partiýanyň gurultaýynda şeýle diýdi:

"Her bir meselede siziň ýüzbe-ýüz boljak zadyňyz diňe iki dalaşgärden ýa iki partiýadan birini däl-de, eýsem Amerika üçin iki tapawutly ýoluň birini, geljek üçin bütinleý tapawutly iki garaýşyň birini saýlap tutmak bolar."

Amerikan prezidenti öz teklip edýän ýolunyň çalt ýa aňsat däldigini belläp, "onlarça ýylyň içinde dörän kynçylyklary biz sanlyja ýylyň içinde çözüp bilmeris. Ol uzaga çeker" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Öňdäki sepgitler

Häzir 8.3 prosent bolan işsizlik derejesini aşaklatmaga synanyşýan prezident 2016-njy ýyla çenli senagatda bir million täze iş ornuny döretmegi, ýörite okuw jaýlarynda iki million işçini ýetişdirmegi, Birleşen Ştatlaryň eksportyny 2014-nji ýyla çenli iki esse artdyrmagy, 2020-nji ýyla çenli hem nebit importyny 50 prosent aşaklatamagy maksat edinýär.

"Problemalarymyzy çözüp bolar, kynçylyklarymyzy ýeňip geçip bolar. Biziň teklip edýän ýolumyzyň kynrak bolmagy mümkin. Ýöne ol gowy ýere alyp barýar. Men sizden şol geljegi saýlap tutmagy soraýaryn" diýip, Obama aýtdy.

6-njy noýabrda geçmeli prezidentlik saýlawlarynda Obama bilen Massaçusets ştatynyň öňki gubernatory Mitt Romneý güýç synanyşar. Ol Respublikan partiýanyň kandidatlygyny öten hepde kabul etdi.

Howanyň ýaramazlaşmagyndan edilen gorky zerarly Obama, guramaçylaryň umyt eden ägirt uly stadionynda däl-de, gurultaý zalynda çykyş etdi. Onuň çykyşy 3 günlük gurultaýyň iň ýokary nokady hasaplanýar.

Bil baglap boljak adam

Gurultaýda Obamadan öň çykyş edenleriň biri wise-prezident Joe Baýden boldy.

Ol: "Biziň hemmämiz bilelikde bir missiýada. Bu missiýa ýurdy ynamsyzlykdan, peselişden çykaryp, umyda we bolelinlige tarap ilerletmek. Men bu missiýany amala aşyrjakdygymyza güwä geçýärin" diýdi.

Öňki prezident Bill Klinton çarşenbe güni eden çykyşynda Obamanyň alyp barýan syýasatyny gorap, Respublikanlaryň öňa galdyryp giden ähli ykdysady zyýanlayryny bir 4 ýyllyk möhletde hiç bir prezident düzedip bilmez diýdi.

Gurultaýyň ilkinji güni prezidentiň aýaly Mişel Obama çykyş etdi. Ol adamsynyň sada geçmişinden gürrüň edip, ony ýurduň gowşak ykdysadyýetini täzeden dikeltmek üçin "bil baglap biljek adamymyz" diýip suratlandyrdy.
XS
SM
MD
LG