Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaýyň “Konfusiýa” baýragyna hödürlenýänleriň sany artýar


Ýekşenbe güni Hytaýyň “Konfusiýa” adyndaky parahatçylyk baýragyna hödürlenenleriň hataryna “Mikrosoft” kompaniýasyny esaslandyryjy Bil Geýts bilen BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annan hem goşuldy.

Hytaýda döredilen bu “Konfusiýa” baýragy Nobel baýragyna alternatiw baýrak hökmünde suratlandyrylýar. Geçen ýyl bu parahatçylyk baýragy “Kawkaz regionynda separatizmiň öňüni almakda bitiren hyzmatlary üçin” Orsýetiň häzirki prezidenti Wladimir Putine berildi.

Bu ýyl bu baýraga hödürlenenleriň arasynda tibet buddistleriniň ikinji lideri hasaplanylýan Pançen Lama 11-nji hem bar. Ýöne tibetlileriň köpüsi Pançen Lamanyň Pekin tarapyndan bellenilen adamdygyny aýdyp, onuň liderlik roluny ykrar etmeýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG