Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin “Gazpromyň” derňelmegini ýazgarýar


Wladimir Putin Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitiniň öňýany biznesmenleriň öňünde çykyş edýär. Wladiwostok, 7-nji sentýabr, 2012.
Wladimir Putin Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitiniň öňýany biznesmenleriň öňünde çykyş edýär. Wladiwostok, 7-nji sentýabr, 2012.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýekşenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Ýewropa Komissiýasynyň Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyna garşy ýola goýan derňewlerini ýazgardy.

Wladiwostok şäherinde Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderleriniň sammitiniň çäklerinde eden bu çykyşynda ol Ýewropa Bileleşiginiň bu çärelerine ýewro zonadaky ykdysady kynçylyklaryň itergi berendigini öňe sürdi.

“‘Gazprom’ babatynda edilýän işler täzelik däl. Siziň bilşiňiz ýaly, geçen ýyl ‘Gazpromyn’ käbir daşary döwletlerdäki ofislerinde-de barlaglar geçirilipdi. Häzirki çäreler bu ugurdaky ikinji ädim. Biz bu bolýan zatlara gynanýarys” diýip, Putin belledi.

Putiniň aýyplamasy

Özüniň bu çykyşynda Putin Ýewropa Bileleşigini Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň ykdysadyýetini maliýeleşdirmek bilen bagly çykdajylaryny belli bir derejede Orsýetiň üstüne atjak bolmak synanyşyklarynda-da tankytlady.

Ol: “Ýewropa Bileleşigi köp derejede Gündogar Ýewropanyň ykdysadyýetini subsidirläp gelýär. Belki indi Ýewrokomissiýada kimdir-biriniň bu subsidirlemegiň belli bir bölegini biziň öz üstümize almagymyzy karar eden bolmagy mümkin. Ýagny, başgaça aýtsak, birleşen Ýewropa öz syýasy täsirlerini saklap galmak isleýär, şol bir wagtyň özünde-de, ol munuň üçin biziň töleg tölemegimizi-de isleýär. Ýöne bu konstruktiw çemeleşme däldir” diýip, nygtady.

Geçen sişenbe güni Ýewropa Komissiýasy “Gazpromyň” Baltika ýurtlarynyň we käbir beýleki postsowet ýurtlarynyň konkurensiýa mümkinçilikleriniň öňüne böwet döredýändigini aýdyp, bu mesele boýunça derňew işlerini ýola goýdy.

“Gazpromyň” işi aýdyňlaşdyryljak

Ýewropa Bileleşigi bu gürrüňi edilýän ýurtlaryň dürli energiýa çeşmelerinden gaz almak mümkinçiliklerine “Gazpromyň” böwet bolup-bolmandygy hem-de onuň öz gazyna adalatsyz ýokary baha kesip-kesmändigi baradaky meseleleri aýdyňlaşdyrmak isleýändigini aýdýar.

Ýekşenbe güni eden çykyşynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Sowet Soýuzynyň sosialistik blokdaky öz soýuzdaşlaryny köp derejede energiýa bilen üpjün edip gelendigine-de garamazdan, Orsýetiň halkara bazarlarynyň düzgünlerine ters gelýän metodlara eýermejekdigini nygtady.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol Ýewropa Bileleşiginiň “Gazproma” garşy ýola goýan barlaglarynyň Bileleşigiň Orsýete garşy yglan eden “söwda urşy” hökmünde kabul etmeýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG