Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde protestçiler Bakiýewleriň ekstradisiýa edilmegini talap edýärler


Protestçileriň uly topary hepdäniň duşenbe güni Belarusyň Bişkekdäki ilçihanasynyň öňünde protest geçirip, öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň we onuň inisi Janyşyň Belarusdan Gyrgyzstana iberilmegini talap etdiler. Protestçiler öz talaplaryny Belarusyň ilçisi Wiktar Denisenka gowşurdylar. Awgustyň aýagynda Belarusyň Baş prokuraturasy Janyş Bakiýewi Gyrgyzstana ibermek barada Bişkekden gelen talaby ret edenligini we ony “syýasy sebäplere dahylly”, diýip atlandyranlygyny yglan etdi. Bakiýewler Gyrgyzstanda 2010-njy ýylyň aprel aýynda 100 golaý adamyň ölümine sebäpkär bolmakda aýyplanyp, gaýybana sud jogapkärçiligine çekilýärler.
XS
SM
MD
LG