Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Obamanyň Netenýahu bilen duşuşmazlygyna düşündiriş berdi


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri şu aýyň başynda prezident Barak Obamanyň Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu bilen duşumakdan ýüz öwürmeginiň Eýran bilen baglanyşyklydygyny ret etdiler.

Şu aýyň başynda Ysraýylyň hökümet delegasiýasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde Barak Obamanyň Benýamin Netenýahu bilen gepleşik geçirmegi baradaky haýyş bilen Ak Tama ýüz tutupdy.

Şonda Ak Tamyň metbugat sekretary Tommi Wietor prezident Obamanyň iş planlarynyň muňa mümkinçilik bermeýändigini yglan edipdi.

Bu wakalar bolsa Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy öz talaplaryny has ýitileşdirmelidigi barada Banýamin Netenýahuwyň Waşingtona basyş görkezýän döwrüne gabat gelipdi.
XS
SM
MD
LG