Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “Ruhnama” güni bellenilip geçilýär


Çarşenbe güni Türkmenistanda “Ruhnama” güni bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň mediasy paýtagt Aşgabatda we beýleki welaýat merkezlerinde bu waka bagyşlanylyp ýörite baýramçylyk çäreleriniň geçirilýändigini habar berýär.

Maglumata görä, bu baýramçylygyň kulminasiýasy paýtagtdaky “Aşgabat” konsert merkezinde belli türkmen aýdymçylarynyň çykyş etmeginde gurnaljak konsert çäresi bilen alamatlanar.

Prezident G.Berdimuhamedow “Ruhnama” güni bilen baglanyşykly ýurduň halkyna ýörite gutlag ýüzlemesi bilen ýüzlendi.

Köp halkara guramalary we synçylar Türkmenistanyň ozalky awtoritar prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” kitabyny onuň şahsyýet kultunyň bir simwoly hökmünde suratlandyryp gelýärler.
XS
SM
MD
LG