Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: NATO-nyň harbylary polisiýanyň pidasy bolýar


Kandagar şäheriniň golaýynda Owganystanyň polisiýa işgäri amerikan esgeriniň yzy bilen patrol gözegçiligini alyp barýar. Kandagar, 12-nji sentýabr, 2012.
Kandagar şäheriniň golaýynda Owganystanyň polisiýa işgäri amerikan esgeriniň yzy bilen patrol gözegçiligini alyp barýar. Kandagar, 12-nji sentýabr, 2012.
Ýekşenbe güni Owganystanyň Zebul welaýatynda ýerli polisiýa işgäriniň amala aşyran hüjüminde nobatdaky gezek NATO-nyň esgerlerinden dördüsi ölüp, ikisi ýaralandy.

Munuň özi soňky 24 sagadyň dowamynda NATO-nyň esgerlerine garşy amala aşarylan şuňa meňzeş ikilenji hüjümdir.

Bu öldürilen dört esgeriň jesedi ýekşenbe güni irden Owganystandaky halkara ýardam güýçleriniň esgerleri tarapyndan Zebul welaýatyndaky bir barlag punktunyň golaýyndan tapyldy.

Polisiýa işgärlerinden habar ýok

Maglumata görä, NATO-nyň bu esgerleri şol ýerdäki barlag punktynda Owganystanyň milli polisiýa gullugynyň işgärleri bilen bilelikde gulluk alyp barýan eken. NATO-nyň esgerleriniň jesediniň ýanyndan şol barlag punktunda işleýän ýerli polisiýa işgärlerinden-de biriniň jesedi tapylypdyr.

Ýöne barlag punktunda işleýän bäş sany beýleki ýerli polisiýa işgärinden häzirlikçe habar-hatyryň ýokdugy aýdylýar.

Owganystandaky halkara ýardam güýçleriniň metbugat sekretary, brigada-generaly Guenter Katz Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda NATO-nyň bu esgerlerine ýerli polisiýa işgärlerinden azyndan biriniň hüjüm edendigini aýtdy.

Guenter Katz bu bolan waka boýunça heniz derňew işleriniň alnyp barylýandygyny we wakanyň jikme-jikliginiň şol derňewiň netijesinde anyklaşdyryljakdygyny belledi.

Ýylyň başyndan bäri 51 esger

Şeýlelikde, şu soňky hepde ahyrynda Owganystanyň ýerli polisiýa işgärleri tarapyndan amala aşyrylan hüjümlerde NATO-nyň ölen esgerleriniň sany alta ýetdi.

Şenbe güni Owganystanyň Helmand welaýatynda-da bir ýerli polisiýa işgäri britaniýaly iki esgeri atyp öldüripdi. Brigada-generaly Guenter Katz bu hüjümi amala aşyran polisiýa işgäriniň koalision güýçleriň esgerleri tarapyndan öldürilendigini tassyklady.

Şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda “içerki hüjüm” diýlip atlandyrylýan şular ýaly hüjümleriň netijesinde halkara güýçleriniň harbylaryndan 51-si öldi.

Şeýle hüjümleriň öňüni almak maksady bilen Owganystanyň Goranmak ministrligi geçen hepdeden başlap ýurduň harby we howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine daşary ýurtlaryň medeniýetini we edim-gylymlaryny duşundirýän ýörite gollanma kitabyny paýlap başlady.
XS
SM
MD
LG