Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Lwowlylar ýakymsyz yslardan dat edýärler


Lwowlylar arassa howadan dem almaga haklarynyň bardygyny aýdýarlar. 11-nji sentýabr, 2012.
Lwowlylar arassa howadan dem almaga haklarynyň bardygyny aýdýarlar. 11-nji sentýabr, 2012.
Ukrainanyň günbataryndaky taryhy Galitsina regionynda ýerleşýän bu şäher ýurduň iň halanýan arhitektura we medeni hazynalarynyň biri hasaplanýar. Ýöne soňky aýlarda Lwowyň ilaty öz taryhy şäherlerinde peýda bolan ýakymsyz ysdan şikaýat edip başladylar.

Şäherde himiki çökündi ýaly bolup görünýän, çüýrän ýumurtgalaryň we gözegçiliksiz lagym garyndylarynyň ýakymsyz ýiti ysynyň ýaýramagy zerarly, howa özboluşly porsy ysa gabsalýar. Ýakymsyz ysyň gaty erbet ýaýramagy sebäpli, köp ýaşaýjylar ýüzlerine marly maskasyny daňynmaga we çagalardyr demgysma keselli adamlary jaýyň içinde saklamaga başladylar.

Dört çaganyň ejesi Alýona, hapalanan howanyň öz maşgalasyna uzagyndan täsir etmeginden aladalanýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

"Eger bu diňe iki gün dowam eden ýakymsyz ys bolsady, onda bu taýda ýaşamak kyn bolmazdy. Ýöne munuň kadaly ýagdaýa öwrülendigi sebäpli, biz şäher häkiminden bu ýagdaýyň çözgüdini tapmagy haýyş edýäris."

Alýona, ýakymsyz howa bilen bagly protest bildirip, ýaňy-ýakynda Lwow şäher häkimliginiň öňünde ýygnanan kiçeňräk toparyň agzasydy. Şol protest çäresinde demonstrantlar "Biziň dem almaga hak-hukugymyz bar" diýlip ýazylan plakatlary göterip we ýerli hökümetiň herekete geçmegini talap edip, ýoldan geçýän adamlardan gol ýygnadylar.

Gadymdan gelýän mesele

Şäherlerdäki howanyň hili asyrlardan bäri mesele bolup gelyär. Taryhdan mälim bolşy ýaly, 1257-nji ýyllaryň başlarynda Angliýanyň korolewasy Eleanor şäheriň eteginde ýakylýan deňiz kömrüniň ysyndan ýüregi bulanyp, öz Nottingam galasyndaky öýüni terk edip gitmäge mejbur bolupdyr.

Ukrainanyň konstitutiýasy, 1986-njy ýyldaky Çernobyl pajygasynyň ekologiýa uran zarbasyny ykrar edip, ýurduň ekologik "howpsuzlygyny" we "deňagramlylygyny" üpjün etmegi öz boýnuna alypdy. Ýöne tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, hökümet ýurduň senagat kärhanalaryna ýeterlik gözegçilik etmändir. Lwow şäheriniň ýaşaýjylary bu problemanyň erbet hem howply ýagdaýy döredendigini aýdýarlar.

Täzelikde geçirilen derňewleriň görkezmegine görä, Lwowyň howasynda ammiak, kükürtli wodorod, metantiol we çüýrän kelemiň ysyna meňzes, haýwanlaryň tezeginde bolýan maddalar bilen bir sanda, birgiden aşa ýiti ysly reňksiz gazlara gabat gelindi.

Porsy şäher senagatyndan döreýär

Derňewlere gatnaşan “Eko-west” barlag toparynyň ýolbaşçysy Leonid Zdeworuk porsy ysyň döremegine Lwow senagatynyň sebäp bolandygyny güman edýär:

"Biz anyk haýsy kompaniýanyň ysyň döremegine sebäp bolýandygyny aýdyp bilmeris. Onuň birnäçe sebäpleri bar, olar hem şäheriň lagym desgalarynyň, kanalizasiýa ulgamlarynyň haýal işlemeginden we şol kompaniýalaryň ýerli tämizleýiş sistemlarynyň ýetmezçilik etmeginden ybaratdyr".

Zdeworuk şäheriň "Ilkinji hususy piwo zawody", "Enzym" hamyrmaýa zawody we ýerli "Žyrokombinaty" ýa-da mesge we doňuz ýagy zawodyndan ybarat birnäçe kärhanany, artykmaç lagymlaryny arassalamazdan, tebigata dökmekde aýyplaýar.

Porsy ysyň gaty erbetleşmegine garamazdan, ylmy-barlag işleri entegem gurnalanok. Lwowyň ýaşaýjylarynyň uly bir bölegi dynç alyş günleri howanyň has hem hapa we zäherli görünýändigini aýdýarlar.

Ýaşaýjylaryň uly bir bölegi, bu problema degerli çözgüt tapmandyklaryny aýdyp, ýerli dolandyryjylary günäkärleýärler.
XS
SM
MD
LG