Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzstanly prokuror hilegärlikde we korrupsiýada şübhelenip tussag edildi


Gyrgyzstanyň Baş prokuraturasynyň hepdäniň duşenbe güni aýtmagyna görä, Bişkegiň Baş prokuraturasynyň işgäri we kanun çykaryjynyň ogly Eldar Madylbekow geçen şenbe güni tussag edildi. Ol Gyrgyzstanyň häkimiýet başyndan çetleşdirilen ozalky prezidenti Kurmanbek Bakiýewe degişli bolan emlägi bikanun eýelemekde şübhelenýär.

Madylbekowyň kakasy Turatbek Madylbekow Gyrgyzstanyň parlamentiniň korrupsiýa garşy komitetine baştutanlyk edýär. Ol oglunyň tussag edilmegine degişli hiç hili dokumentiň özüne gowuşmanlygyny aýtdy we bu waka barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna kommentariýa bermekden ýüz öwürdi.

Häzir Belarusda ýaşaýan Kurmanbek Bakiýew 2010-njy ýylda hökümete garşy çykyşlaryň netijesinde Gyrgyzstany terk edipdi.
XS
SM
MD
LG