Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze uniwersitet – täze çemeleşiş


Almaz Tolymbek: “Ilkinji nobatda, bu pudaga täze adamlary çekmeli we täzeçe pikirlenýänler bilen resmileriň arasynda dialogy gurnamaga synanyşmaly".
Almaz Tolymbek: “Ilkinji nobatda, bu pudaga täze adamlary çekmeli we täzeçe pikirlenýänler bilen resmileriň arasynda dialogy gurnamaga synanyşmaly".
Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň ýurtda täze uniwersitet döretmek barada eden teklibi synçylaryň üns merkezine düşdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibine laýyklykda, okuw sapaklary iňlis dilinde gurnaljak bu uniwersitetde dünýä ykdysadyýeti, halkara žurnalistikasy, halkara hukugy, menejment boýunça halkara standartlaryna laýyk gelýän bakalawr we magistr derejeleri boýunça programmalar hödürlener.

Ýokary okuw jaýlarynda halkara standartlary boýunça bakalawr we magistr derejelerini berjek uniwersitetiň döredilmegi baradaky bu teklip Türkmenistanyň bilim sistemasynyň taryhynda ilkinji ädimdir.

Mundan ozal şeýle programmalaryň başlangyjy bolup biljek proýekt Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (TDU-da) 1998-nji ýylda başlanyp, dört ýyldan soň, 2002-nji ýylda ýapylypdy. Halkara standartlaryna laýyk geljek bu programmanyň şol döwürde ýapylmagyna ýurtdaky syýasy ýagdaýyň sebäp bolandygyny proýektiň awtorlary aýdýarlar.

Bu proýekte laýyklykda, ABŞ-nyň döwlet departamentiniň granty boýunça yglan edilen tenderinde Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Texas A&M uniwersiteti üstün çykyp, TDU-da Halkara biznes we menejment fakulteti döredilipdi.

Şol döwürde ýurda ýolbaşçylyk eden Saparmyrat Niýazowyň “ýykgynçylykly” diýlip baha berlen bilim syýasaty netijesinde amerikan professorlarynyň gatnaşdyrylmagynda ýola düşen bu täze fakultet ýurduň prezidentiniň şahsy görkezmesi boýunça ýapyldy.

Häzirki döwürde halkara standartlaryna laýyk getiriljek täze uniwersitetiň döredilmegi üçin ilkinji nobatda ýokary bilim sistemasynda düýpli özgerişikleriň geçirilmeginiň zerurdygyny synçylar belleýärler.

Täzeçe pikirlenme we täzeçe garaýyş

Ýokary bilim boýunça ekspert, Gazagystanyň Menejment, ykdysadyýet we startegiki barlaglar uniwersitetiniň (KIMEP) ozalky işgäri, ylymlaryň doktory Almaz Tolymbek ozalky sowet sistemasyna daýanýan ýokary bilim pudagyndaky problema iki taraplaýyn çemeleşmeli diýýär.

Tolymbek: “Ilkinji nobatda, bu pudaga täze adamlary çekmeli we täzeçe pikirlenýänler bilen resmileriň arasynda dialogy gurnamaga synanyşmaly. Bu ýerde dialogyň roly gaty möhüm bolup durýar. Ikinjiden, ýokary bilim pudagynda, şol sanda uniwersitetlerde, bilim ministrliginde we bölümlerinde işleýän adamlaryň özleriniň garaýyşlaryny üýtgetmegi zerur”.

Türkmenistanyň daşky dünýä bilen has ýakynlaşmagyna ýardam berjek täze uniwersitetiň üstünlikli ýola goýulmagy üçin täzeçe pikirlenmegiň we täze gatnaşyklary gazanmagyň möhüm bolup durýandygyny Tolymbek belleýär.

Sowet Soýuzy darganyndan soň dörän garaşsyz ýurtlaryň, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw jaýlarynda geçirilýän reformalar halkara standartlaryna gabatlaşdyrylan bakalawr we magistr derejelerini hödürleýän uniwersitetleri döretmeklige gönükdirildi. Ýöne bu ugurda Türkmenistanyň öňünde edilmeli işleriň entek gaty köpdügi aýdylýar.

Erkin pikirli tejribe

Türkmenistan ýaly kommunistik režiminiň bilim sistemasyny başyndan geçiren Çehiýa Respublikasynyň uniwersitetlerinde indi birnäçe ýyl bäri halkara standartlary boýunça düzülen okuw programmalary hödürlenýär. Olaryň arasynda programmalary iňlis dilinde gurnalan ýokary okuw jaýlary hem bar.

Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň taryhy deňeşdirilende bu iki döwletiň kommunistik režimde bolmagy olaryň häzirki ösüş ýagdaýyny deňeşdirmäge esas berýär.

Çehiýanyň Purkyne uniwersitetiniň işgäri, ylymlaryň doktory Dana Sedlmaýerowa ýurt demokratik ösüş ýoluna düşen dessine bilim pudagynda düýpli reformalary geçirmäge ýoluň açylandygyny aýtdy.

Sedlmaýerowa: “Kommunistik režimi döwründe ähli mekdepler döwlet eýeçiligindäki edara bolup durýardy. Olar merkezleşdirilendi. Häzir ýagdaý düýbünden üýtgedi”.

Çehiýanyň uniwersitetlerinde okadylýan sapaklaryň indi erkin ýagdaýda alnyp barylýandygyny we studentlere erkin diskussiýa etmäge mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyp, häzirkizaman bilim pudagynda erkin pikire ýol açylmagynyň zerurdygyny Dana Sedlmaýerowa nygtady.

Türkmenistanda halkara standartlary boýunça täze uniwersitetiň döredilmegine pozitiw baha berýän synçylar bu ugurda uly tejribesi bolan daşary ýurtlaryň uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaklygyň zerurdygyny nygtaýarlar.
XS
SM
MD
LG