Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hagadaky maslahatda Siriýa garşy sanksiýalar maslahat edilýär


Penşenbe güni dunýänin 60-dan gowrak döwletiniň wekilleri Gollandiýanyň Haga şäherinde Siriýanyň režimine garşy sanksiýa girizmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin maslahata ýygnandylar.

Gollandiýanyň daşary işler ministri Uri Rozental bu maslahatda prezident Başar al-Assadyň režimine garşy maliýe we ykdysady sanksiýalary girizmeklik barada maslahat ediljekdigini mälim etdi.

Ol Siriýanyň režimine garşy giriziljek maliýe sanksiýalarynyň diňe bir bu režimiň harby kuwwatyny gowşatman, eýsem ahyrky netijede prezident Assady öz wezipesinden gitmeklige mejbur edip biljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG