Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň ilaty parlament saýlawlary üçin ses berýär


Ýekşenbe güni Belarusda parlament saýlawlary geçirilýär. Belarusyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy ýerli wagt bilen sagat 14:00-e çenli ses bermäge hukukly ilatyň azyndan 50 prosentiniň ses berendigini aýdyp, bu saýlawlaryň eýýäm kanuny saýlawdygyny yglan etdi.

Belarusyň oppozision partiýalary syýasy tussaglaryň azat edilmegini talyp edip, ýurduň ilatyny bu parlament saýlawlaryny boýkotirlemäge çagyrdylar.

Minsk şäherinde ses bermäge gatnaşan prezident A.Lukaşenko saýlawlara syn edýän halkara synçylarynyň “saýlawlary nädip açyk we dogruçyl geçirmelidigini Belarusdan öwrenmelidirler” diýip nygtady.

Şeýle hem, ol bu saýlawlardan soň Günbatar bilen gatnaşyklaryň gowulanmagyna umyt edýändigini aýtdy. Saýlawlaryň resmi netijesi duşenbe güni yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG