Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň prezidenti yslama garşy filmi ýazgardy


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edip, internetda yslama garşy ýaýran filmi ýazgardy. Şeýle-de Zardari “bular ýaly hereketleriň jenaýata çekilmelidigini” belledi.

Sişenbe güni irden ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama çykyşynda gürrüňi gidýän film sebäpli ençeme musulmanlar döwletlerinde ABŞ-a garşy dörän gazaplylyga bilelikde garşy durmaga çagyrdy.

Şeýle-de sişenbe güni dünýäniň iň uly yslam guramalarynyň biri Yslam hyzmatdaşlyk guramasy “Yslamofobiýa” bilen bagly çäreleriň kanun tarapyndan öňüniň alynmalydygyny belledi.

Müsüriň täze yslamçy prezidenti Muhammet Mursi öz çykyşlarynyň birinde, söz azatlygynyň, esasan hem munuň durnuklylyga we parahatçylyga şikes ýetirmek howpy bar bolsa, jogapkärçilikli ulanylmalydygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG