Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň millioner tankytçysy huligançylykda aýyplanýar


Orsýetli tütjar we Kremliň tankytçysy Aleksandr Lebedewiň garşysyna çarşenbe güni höküm çykaryldy. Ol telewideniýede gurnalan gepleşikde beýleki bir biznesmene garşy “hüjüm” edenlikde we ”huligançylykda” aýyplandy.

Onuň günäli tapylan ýagdaýynda Lebedewe 5 ýyla çenli türme howpy abanýar. Millioner bankir we media magnaty Lebedew syýasy sebäpler boýunça özüniň Wladimir Putin tarapyndan yzarlanýandygyny aýdýar.

Sülçüler 2011-nji ýylyň 16-njy sentýabryndaky tele gepleşikde Lebedewiň “Miraks Group” kompaniýasynyň başlygy Sergeý Polonskiniň bedenine şikes ýetirendigini aýdýarlar. Dessine bu wakadan soň jenaýat işi gozgaldy.

Polonski bu waka boýunça Lebedewe garşy Londonyň suduna arza berdi we özünden ötünç soralmagyny we kompensasiýa talap etdi.
XS
SM
MD
LG