Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raşit Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda ýörite doklad bilen çykyş etdi.

Ol özüniň bu çykyşynda dünýäniň durnukly ösüşini üpjün etmekde global energiýa howpsuzlygyny döretmekligiň möhüm rol oýnajakdygyny nygtady.

Şu nukdaýnazardan hem Raşit Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite düzgünnamalaryny işläp düzmek boýunça ekspertler toparyny döretmekligi teklip edýändigini aýtdy.

Munuň üçin bolsa, ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasynyň taslamasy işlenilip düzülse, ýerlikli bolar diýip hasaplaýandygyny belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ozalky maslahatlarynda-da Türkmenistan tarapy global energiýa howpsuzlygyny gowulandyrmak meselesini birnäçe gezek gozgapdy.
XS
SM
MD
LG