Şenbe güni, 29-njy sentýabrda “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşynyň jemleýji final duşuşygy geçirildi. Bu ýaryşyň final duşuşygynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň ýetginjekler ýygyndy toparlary duşuşdylar.
Duşuşyk türkmen futbolçylarynyň doly artykmaçlygynda geçip, ol 4-0 hasaby bilen türkmen futbolçylarynyň üstünligi bilen tamamlandy.
Duşuşygyň 19-njy minudynda 10-njy belgili türkmen komandasynyň oýunçysy Gurban Annaýew hasaby açdy. Ukrainanyň derwezesinden ikinji pökgüni türkmen komandasynyň 22-nji belgili oýunçysy Ylýasberdi Berenow geçirdi. Bu gol ýaryşyň birinji bölüminiň 24-nji minudynda geçdi.
3-nji pökgüni duşuşygyň 29-njy minudynda türkmen komandasynyň 23-nji belgili oýunçysy Mekan Aşyrow geçirdi. Komandalar arakesmä gitmezlerinden öňýany duşuşygyň 37 minudynda 18-nji belgili türkmen komandasynyň kapitany Hoşgeldi Hojowow 4-nji goly geçirdi.
Arakesmeden soň hem oýun türkmen futbolçylarynyň artykmaçlygynda geçip hasap 4-0 bilen bu duşuşyk tamamlandy. Şeýlelikde, 18 gezek geçirilen bu ýaryşyň kubogyny 15-nji gezek türkmen futbolçylary aldylar.
Final duşuşygyndan soň bu ýaryşyň ökde futbolçylaryny hem-de ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaryşyň jemleri boýunça birinji orny Türkmenistanyň, ikinji oruny Ukrainanyň we üçünji orny Orsýetiň komandalary eýelediler.
Ýaryşyň beýleki tapgyrlaryndan tapawutlylykda, finala müňlerçe tomaşaçy gatnaşyp, olaryň uly bir bölegi paýtagt Aşgabatda ýerleşýän mekdep hem ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylaryndan ybaratdy.
20-nji sentýabrda başlanan bu ýaryşda Türkmenistanyň, Orsýetiň, Ukrainanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ýetginjekler komandalary özara bäsleşdiler.