Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky partlamalarda onlarça adam wepat boldy


Yragyň şäherlerinde bolan bomba partlamalarynda azyndan 32 adamyň heläk bolup, 100-den gowrak adamyň ýaralanandygy habar berildi. Polisiýa ýekşenbe günki hüjümleriň köpüsiniň şaýy musulmanlara we howpsuzlyk resmilerine garşy edilendigini aýtdy.

Iň köp pidaly waka Taji şäherinde boldy. Azyndan üç sany bomba partlamasynda azyndan sekkiz adam heläk boldy. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üztüne alan bolmady.

Yrakda ulagda goýlan bombalaryň partladylmagy adatça "Al-Kayda" toparynyň sünni söweşijileri tarapynda amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG