Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Panetta täze ministrlere jaň edýär


Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Leon Panetta Owganystanyň täze bellenen goranmak we içeri işler ministrlerine telefon edip, NATO hem owgan esgerlerine edilýän içki hüjümleriň öňüni almak barada maslahat etdi.

Bu Panettanyň Owganystanyň goranmak ministri Bismillah Han Muhammadi, içeri şler ministri Gulam Mujtaba Patang bilen olar ýokary wezipä belleneli bäri geçiren ilkinji gepleşigidir.

Telefon gürrüňi duşenbe güni, bir janyndan geçen bombaçy gündogar Owganystanda 14 adamy, şol sanda 3 NATO esgerini we dört polisiýa işgärini öldürenden soň edildi.
XS
SM
MD
LG