Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň günorta etraplary toguň pesliginden kösenýär


Elektrik togy bilen üpjünçilikdäki bökdençlikleriň ýene-de bir sebäbi onuň goňşy döwletlere eksporty bilen hem baglanyşdyrylýar.
Elektrik togy bilen üpjünçilikdäki bökdençlikleriň ýene-de bir sebäbi onuň goňşy döwletlere eksporty bilen hem baglanyşdyrylýar.
Ýaş maşgala başy Anna tomusda ömründe ilkinji gezek kondisioner satyn alypdyr. Ol 350$ bahasy bolan bu elektrik enjamyndan doly peýdalanyp bilmändigini aýdyp zeýrendi. Onuň ýaşaýan Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda adamlar elektrik togunyň güýjüniň pesliginden kösenýärler.

Bu ýagdaý Tagtabazaryň goňşy etraby Serhetabatda hem ýüz berýär. Bu ýerlerdäki elektrik tok setinde bolmaly 220 woltuň deregine, 120-160 wolt aralygynda elektrik togy berilýär.

“Men häzir täze alan enjamymyzyň ýanmagyndan gorkýan, sebäbi elektrik togy göterenok, böküp oýnaýar, enjamymyz sesini üýtgedip gidiberýär” diýip, ýaş maşgala başy Anna aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, toguň pesligi elektrik enjamlaryny hatardan çykarýar. Köplenç hem sowadyjy enjamlaryň toguň güýji sebäpli zaýalanýandygyny ol aýdýar.

“Bu enjamlaryň iň arzany bolsa 600-700 manada barabar. Bu pullar käbir maşgalalaryň ortaça aýlyk girdejisi” diýip, Anna aýdýar.

Kompensasiýa tölenmeýär

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, elektrik togunyň “oýnap” durmagy zerarly hatardan çykýan elektrik enjamlary üçin ilatyň elektrik üpjünçiligine jogap berýän edaradan kompensasiýa tölenmeýär.

"Kompensasiýa sorap durýan hem ýok. Sebäbi kompensasiýa berilmejegini her kim bilýär. Hatda tok edarasynyň öz elektrik enjamlary hem zaýalananda olar näme etjeklerini bilmeýärler" diýip, Tagtabazar etrabynyň ýaşýjysy Gulgeldi aýdýar.

Elektrik setindäki güýjüň pesligi zerarly ýaşaýyş jaýlarynyň yşygy körek bolýar. Dikin-çatyn bilen meşgul bolýan aýal-gyzlaryň, sapaklaryna taýýarlanýan mekdep okuwçylarynyň hem belli bir derejede saglyklaryna täsir edýär.

"Körek ýanýan çyranyň yşygyna gözüňe güýç bermeli bolýar. Bu bolsa az salymdan gözüňi ýadadýar. Pes yşykda okamagy, dikin ýaly işleri etmekligi lukmanlaram maslahat bermeýärler" diýip, Tagtabazar etrabynyň Suhty obasynyň ýaşaýjysy 27 ýaşly Sadap aýdýar.

Emma, muňa garamazdan, häzirki elektrik üpjünçiligindäki ýüze çykan bökdençlikleri aradan aýyrmak üçin adamlar özleri emelläp, täze dizel generatorlary alýarlar. Onuň güýji diňe bir jaýyň elektrik zeruryýetini ödemäge mümkinçilik berýär.

Munuň üstesine-de,Tagtabazaryň we onuň töwereklerindäki obalaryň köçelerindäki fonarlaryň hem çyralary ýanmaýar. Iki ýyl mundan ozal beýle däldi. Ýerli ýaşaýajylaryň aýtmaklaryna görä, şol döwür Tagtabazar şäherçesiniň we onuň töweregindäki obalarynyň köçeleri gije ýagty eken.

"Gije sagat 10-11- lere çenli ýaşlar futbol ýa woleýbol oýnaýardylar. Indi bolsa basýan ýeriňi görüp bolanok. Köçelerden ýöremegem gorkunç. Köçeler garaňky bolanlygy sebäpli ýykylyp maýyp bolýan adamlaram bar" diýip, Gulgeldi gürrüň berýär.

Gulgeldi garaňkyda Tagtabazar şäherçesindäki 21-nji mekdebiň öňündäki çukury görmän ýykylypdyr. Onuň eli çykypdyr. Şol çukur häzire çenli doly gömülmändir.

Sebäp näme?

Ilaty elektrik togy bilen üpjün etmeli edaranyň häzirki dörän ýagdaý barada düşündiriş bermeýändigine garamazdan, ýerli ilatyň arasynda bu barada birnäçe çaklama bar. Öň elektroenergetika ulgamynda inžener bolup işlän 58 ýaşly Meret aganyň aýtmagyna görä, Mary gidro-elekrtik stansiýasynyň generatorlary doly güýjüne işlänok.

"Bu desga 60% güýjüne işleýändir. Bu-da iň gowy işlän mahaly. Şol sebäpden hem Mary welaýatynyň beýleki etraplarynda-da adamlar şuňa meňzeş problemalary bilen ýaşaýarlar. Marydan has uzakda ýerleşýän Tagtabazar, Serhetabad ýaly etraplar bolsa has köp kynçylyk çekýärler" diýip, Meret aýdýar.

Onuň pikiriçe, sowet döwründen gurlan Marynyň Gidro–elektrik stansiýa häzirki wagta döwrebaplaşdyrylmaga mätaç.

Elektrik togy bilen üpjünçilikdäki bökdençlikleriň ýene-de bir sebäbi elektrik togunyň goňşy döwletlere eksporty bilen hem baglanyşdyrylýar. Meret aga bu barada şeýle diýdi: "Elektrik stansiýasynyň önümçilik güýjiniň pesligine garamazdan, Türkmenistan häzirki wagtda Eýran, Türkiýe, Owganystan ýaly ýurtlara elektrik energiýasyny satýar. Elektrik energiýasyny satmaklyk gowy zat, ýöne şondan gelen girdeji elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilse gowy bolardy".

Çar tarapy çöl bolup duran etraplaryň tomusy adatdan gyzgyn, gyşy bolsa sowuk bolýar. Adamalaryň sowadyjy we ýyladyjy enjamlary ulanmaklary häzirki dörän problemanyň üçünji sebäbi hasaplanýar. Bar bolan podstansiýalaryň beýle agramy göterip bilmeýänliginden görýänler bar.

Elektrik energiýasyna bolan tarifiň gymmatlamagy bilen kynlyk bilen ylalaşsalaram, adamlar hatardan çykýan enjamlar üçin has köp tölemeli bolýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatlarynda ilatyň elektrik togy bilen üpjünçiligindäki bökdençlikleri aradan aýyrmak barada ençeme gezek degişli ýolbaşçylara görkezme beripdi. Emma “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” elektrik kösençlikleri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG