Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 188 adama haj zyýaratyna gitmäge rugsat berdi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Türkmenistandan 188 adamyň Saud Arabystanyna haj zyýaratyna gitmeklerine rugsat beriji permana gol çekdi. Zyýaratçylaryň bu haj zyýaraty şu ýylyň 17-nji oktýabryndan 15-nji noýabryna çenli aralykda amala aşyrylar.

Prezident G.Berdimuhamedowyň permanynda “Türkmenhowaýollary” Döwlet kompaniýasynyň öz hasabyna “Boing-757” kysymly ýörite uçarda türkmenistanly bu zyýaratçylaryň Saud Arabystanyna saparyny gurnamalydygy aýdylýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir toparlar Türkmenistandan haj zyýaratyna gitmek isleýän dindarlaryň sanynyň her ýyl häkimiýetleriň görkezmesine laýyklykda çäkli ýagdaýda saklanýandygyny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG