Rus habar gulluklary premiýer ministr Dmitriý Medwedewiň sişenbe güni yrakly kärdeşi Nuri al-Maliki bilen duşuşyp, energiýa we goranmak pudaklarynda hyzmatdaşlyk barada maslahat etjeklerini aýdýar.
Kremliň metbugat gullugy al-Malikiniň çarşenbe güni prezident Wladimir Putin bilen duşuşyp, syýasy, söwda we ykdysady pudaklar boýunça rus-yrak hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň perspektiwalary barada maslahat etjegini habar berýär.
Maslahatyň esasy temasy iki ýurduň arasyndaky inwestisiýa hyzmatdaşlygy hem-de rus firmalarynyň bilelikdäki uly göwrümli proektlere gatnaşygy barada bolar.
Kreml taraplaryň Orta Gündor meseleleri, Siriýadaky ýagdaýlar barada hem pikir alyşjakdyklaryny aýdýar.