Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Kawkaz: Dagystanda üç jeňçi öldürildi


Dagystanyň Içeri işler ministrligi Mahaçgalada üç jeňçiniň öldürilendigini habar berdi.

Resmiler polisiýanyň jeňçileriň münüp gelýän maşynyny saklamaga synandygyny, emma jeňçileriň polisiýany oka tutandygyny aýdýarlar. Şondan soň polisiýa hem jeňçileri oka tutýar we maşyndaky üç adam öldürilýär. Bu hadysa netijesinde iki polisiýa işgäri ok ýarasy bilen hassahana ýerleşdirilipdir.

Şeýle-de duşenbe güni ýiten polisiýa işgäri Dagystanyň Buýnaksk şäheriniň golaýynda öli tapyldy.

Geçen hepde howpsuzlyk güýçleri şol töwrekde jeňçi hasaplanýan ýedi adamy öldüripdi.
XS
SM
MD
LG