Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Prezident gozgalaňda tutulan tussaglary boşadýar


Prezident Muhammad Morsi geçen ýyl diktator Hosni Mubaregi agdarmak üçin we soň harbylaryň geçiş hökümetine garşy guralan demonstarsiýalar bilen ilteşikli tussag edilen protestçileriň günäsini geçdi.

Duşenbe güni çap edilen kararda Mubarege we harby režime garşy gozgalaňlardaky aktiwlikleri bilen bagly tussag edilenleriň, adam öldürenlerden başga, ählisiniň azat edilýändigi aýdylýar. Günäsi geçilýänleriň sanynyň näçedigi aýdylmady.

Aktiwistler Mübaregiň agdarylmagynyň öňünden we soňundan müňlerçe adamyň tussag edilendigini we olaryň “syýasy tussag” hasaplanýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG