Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çet ýurt dilli kino berilýän Oskar ugrunda 71 ýurt bäsleşýär


Los-Anjelsdäki Kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy şu ýylyň daşary ýurt dillerindäki kinolara berilýän Akademiýa baýraklaryny almak üçin 71 ýurduň kino lentasynyň tabşyrylandygyny aýdýar.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda Owganystan, Azerbaýjan, Bosniýa, Horwatiýa, Gürjüstan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Serbiýa we Ukraina ýaly ýurtlaryň hem kino eserleri bar.

Akademiýa agzalary hödürlenen kinolaryň arasyndan bäş filmi saýlap alyp, olary resmi şekilde kino dünýäsindäki iň abraýly baýraga, Oskara hödürlärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG