Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze dokumentler Karimowanyň gümürtik işlerini görkezýär


Özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa "Özbegistanyň medeniýeti we sungaty" atly forumyň açylyş dabarasynda çykyş edýär. Daşkent, 30-njy sentýabr, 2012.
Özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa "Özbegistanyň medeniýeti we sungaty" atly forumyň açylyş dabarasynda çykyş edýär. Daşkent, 30-njy sentýabr, 2012.
Ýakynda özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa we onuň biznes partnýory bilen baglanyşykly käbir dokumentleriň Fransiýada üstüniň açylmagy pul ýuwuşlyklar bilen baglanyşykly alnyp barylýan derňewlerde ýüze çykarylan zatlaryň diňe bir bölegi.

Bu üsti açylan dokumentlerden azyndan sekizisiniň aşagynda Gülnara Karimowanyň we “Koka-kola Özbegistan” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Alyşer Ergaşewiň gollary goýlan.

Bu kompaniýanyň eýesi hem-de direktory hökmünde olaryň gollary goýlan bu kagyzlar olaryň iki sany kompaniýanyň üsti bilen Fransiýadan emläk satyn alandyklaryny görkezýär.

Käbir faktlar ýüze çykýar

Gülnara Karimowanyň biznes partnýory Alyşer Ergaşew bikanun pul ýuwuşlykda güman edilip, häzirki wagt Şweýsariýanyň tussag izolýatorynda saklanylýar.

Olaryň gümürtik biznes bilen meşgullanandyklaryny görkezýän we 2009-njy ýylyň sentýabryndan 2011-nji ýylyň maý aýyna çenli aralyga degişli bu dokumentler Şwesiýanyň “Tidningarnas Telegrambyra” (TT) habar agentligi tarapyndan ele salyndy. Öz gezeginde bu agentlik bu dokumentleriň nusgasyny Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna-da berdi.

Jemgyýetçilik üçin elýeterli bolan fransuz kompaniýasynda registrirlenen maglumatlar Gülnara Karimowa bilen Alyşer Ergaşewiň Fransiýanyň Gassin şäherinden-de iň bolmanda bir gezek emläk satyn almak ugrunda iş alyp barandyklaryny görkezýär.

Bu maglumatlarda Gülnara Karimowa bilen Alyşer Ergaşewiň kompaniýasynyň Parižiň iň bir abraýly raýonyndaky Avenue de General Maonoury köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýändigini-de görmek bolýar. Parižiň bu raýonyndaky kwartiralaryň her kwadrat metriniň satuw bahasy 19 müň dollar bilen 38 müň dollaryň aralygynda.

Birneme soňra olaryň bu kompaniýasynyň ýerleşýän adresiniň Parižiň az-owlak arzanrak raýonyndaky Bouleward Pereire köçesine geçendigini görmek bolýar.

Karimowa we dört şahsyýet

Fransiýada anyklanan bu dokumentler örän möhüm dokumentler hasaplanylýar. Çünki bu dokumentler bikanun pul ýuwuşlyklarda aýyplanýan dört sany şahsyýetden biriniň Gülnara Karimowa bilen gönüden-göni ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barandygyny görkezýär. Bu dört sany özbek raýatyna garşy häzirki wagt Şweýsariýada we Şwesiýada aýry-aýrylykda jenaýat-derňew işleri alnyp barylýar.

Gülnara Karimowa bilen Alyşer Ergaşewiň biznes baglanyşygyny görkezýän dokumentlerden biri.
Gülnara Karimowa bilen Alyşer Ergaşewiň biznes baglanyşygyny görkezýän dokumentlerden biri.
Bu güman edilýän jenaýat işleriniň iki sany telekommunikasiýa kompaniýalary, hususan-da, Orsýetiň MTS mobil operatory hem-de şwed-fin “TeliaSonera” kompaniýasy bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.

Gülnara Karimowanyň biznes partnýory Alyşer Ergaşew şu ýylyň 30-njy iýunynda öz kärdeşi, “Koka-kola Özbegistan” kompaniýasynyň beýleki bir egindeş direktory Şorhurh Sabirow bilen belelikde bikanun pul ýuwuşlyklarda aýyplanyp, Ženewada tussag edilipdi. Olaryň ikisem häzirki wagt tussag izolýatorynda saklanýarlar.

Olar bilen birlikde öz garşysyna jenaýat-derňew işleri alnyp barylýan üçünji bir adamyň Orsýetiň MTS kompaniýasynyň Özbegistandaky bölüminiň ozalky direktory Bekzod Ahmedowdygy aýdylýar.

Şweýsariýanyň jenaýat derňewçileri Bekzod Ahmedowyň pul ýuwuşlyk üçin ulanan edarasynyň Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa “ýakyn” bir edaradygyny aýdýarlar. Emma şweýsar resmileri olaryň bu biznes baglanyşyklary barada anyk maglumat bermediler. Bekzod Ahmedowyň niredeligi häzirki wagt belli däl.

Bu işler bilen baglanyşykly jenaýat aýyplamasy bildirilýän dördünji bir özbegistanly raýat Gaýane Awakýan. Ol “Takilant Limited” kompaniýasynyň operatory hökmünde tanalýar.

Şweýsariýanyň we Şwesiýanyň kanun goraýjy organlary oňa şwed-fin “TeliaSonera” kompaniýasyndan para alanlykda aýyplama bildirýärler. “TeliaSonera” kompaniýasynyň Özbegistanyň mobil telefon bazarynda işlemäge lisenziýa almagy üçin Gaýane Awakýanyň bu kompaniýadan para alandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG