Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň saýlawlary we Saýlaw Kollegiýasy


ABŞ-da prezidentiň saýlanmagy diňe bir saýlawçylaryň sesleriniň köplügine bagly bolman, eýsem soňky netijede ştatlaryň wekillerinden ybarat Saýlaw Kollegiýasynyň berjek sesine-de bagly bolýar. Bu Saýlaw Kollegiýasy 538 wekilden ybarat. Haýsydyr bir dalaşgäriň prezident saýlanmagy üçin onuň şol wekillerden 270-siniň saýlaw sesini almagy-da zerur.

Bu sistema iki ýüz ýyldan gowrak mundan ozal ABŞ-nyň ozalbaşky Konstitusiýasynyň awtorlary tarapyndan döredilipdir. Onuň maksady bolsa prezidentiň göni saýlanmagynyň tarapdarlary bilen prezidentiň Kongres tarapyndan saýlanmagynyň tarapdarlaryny ylalaşdyrmakdan ybarat bolupdyr.

Umumy alnanda, ABŞ-nyň her bir ştatyndan alynýan saýlaw sesiniň sany şol ştatlaryň Kongresdäki deputatlarynyň sanyna deň bolýar. Deputatlaryň sany bolsa her bir ştatyň ilatynyň sanyna görä az ýa-da köp bolup bilýär. Mysal üçin, iň köp ilatly Kaliforniýa ştatyndan Kongresde 55 sany deputat bar, şoňa görä bu ştatyň saýlaw sesi-de 55 diýlip kesgitlenilýär. Iň az ilatly Alýaska ştatyndan bolsa Kongresde bary-ýogy 3 deputat bar, şoňa görä bu ştatyň saýlaw sesi-de 3. Saýlawlarda haýsydyr bir dalaşgär haýsydyr bir ştatda saýlawçylaryň sesiniň ýarsyndan köpüsini gazansa, ol şol ştatyň ähli saýlaw sesine eýe bolýar.

Saýlawlarda berlen seslere Saýlaw Kollegiýasynyň täsir edip bilmegi ABŞ-da dawaly mesele bolmagynda galýar, çünki Saýlaw Kollegiýasyndaky wekil öz ştatynyň sesini ikinji orundaky dalaşgäre-de berip bilýär. Şeýle waka 2000-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda ýüze çykypdy. Şonda umumy saýlawçylaryň beren sesi boýunça Al Gor ýeňiş gazanan-da bolsa, ol Saýlaw Kollegiýasynyň sesleriniň köplügini alyp bilmändi. Netijede, Jorj Buş Saýlaw Kollegiýasynyň sesleriniň 271-sini alyp, ýeňiji diýlip yglan edilipdi.
XS
SM
MD
LG