Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barak H.Obamayň gysgaça biografiýasy


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 44-nji prezidenti Barak H.Obama.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 44-nji prezidenti Barak H.Obama.
Barak H.Obama Birleşen Ştatlaryň häzirki 44-nji prezidenti. Ol 1961-nji ýylda Gawaýide doguldy. Onuň kakasynyň asly keniýaly, ejesi ABŞ-nyň merkezi ştaty bolan Kanzas ştatyndan.

Obama öz çagalygynyň belli bir bölegini Indoneziýada geçirdi, şol ýerde onuň ejesi antropolog bolup işläpdi.

Kaliforniýada we Nýu-Ýorkda kollejleri tamamlanyndan soň, ol Çikago şäherindäki garyp raýonlaryň ýerli obşinalarynyň işlerini gurnaýjy hökmünde işlemek üçin, bu şähere göçüpdi. Birneme soňra ol Garward uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa girdi. Şol ýerde-de ol abraýly “Harward Law Review” assosiasiýasynyň ilkinji garaýagyz prezidenti boldy.

Barak Obama öz kiçi gyzy Saşany (sagdan ikinji) öpýär. Onuň bilen bile aýaly Mişel Obama (çepde) we uly gyzy Maliýa (sagda). Şarlotte, 6-njy sentýabr, 2012.
Barak Obama öz kiçi gyzy Saşany (sagdan ikinji) öpýär. Onuň bilen bile aýaly Mişel Obama (çepde) we uly gyzy Maliýa (sagda). Şarlotte, 6-njy sentýabr, 2012.
Barak Obama 1997-nji ýylda Illinoýs ştatynyň senatyna senator saýlanmak arkaly, uly syýasata gadam basdy. Senatorlyk işiniň gapdalyndan ol Çikago uniwersitetinde hukuk boýunça sapak bermegini we raýat hukuklary boýunça adwokat hökmünde işlemegini-de dowam etdirdi.

2004-nji ýylda Barak Obama Birleşen Ştatlaryň Senatyna geçirilen saýlawlarda-da ýeňiş gazandy. 2008-nji ýylyň noýabrynda Demokratik partiýadan ABŞ-nyň prezidentligine saýlanmagy netijesinde, ol senatorlykdan çekildi.

2009-njy ýylda Barak Obama “halkara diplomatiýasyny ösdürmekde we halklaryň hyzmatdaşlyklarynyň ösüşine ýardam etmekde görkezen adatdan daşary tagallalary üçin” parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglandy.

Onuň aýaly Mişel Obama käri boýunça ýurist we çagalaryň saglygyny goramak boýunça iş alyp barýan adwokat. Barak we Mişel Obamanyň iki gyzy bar, olar 13 ýaşly Maliýa we 10 ýaşly Saşa.
XS
SM
MD
LG