Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wise-prezidentlige kandidatlaryň ýeke-täk çekişmesi geçirildi


Respublikan partiýasyndan wise-prezidentlige kandidat Pol Raýan bilen wise-prezident Jo Baýden ABŞ-nyň içeri we daşary syýasatlary boýunça Kentukki ştatynda telewideniýede gurnalan ýeke-täk çekişmesini geçirdiler.

Liwiýada ABŞ-nyň ilçisine hüjüm edilip öldürilmegi Barak Obamanyň daşary syýasatyny “aýan edýär” diýip, Raýan aýtdy.

Baýden Eýranyň ýadro programmasyna garşy sanksiýalary Obamanyň üstünligi hökmünde belledi.

Raýan Eýran ýadro ýaragyny edinip bilmez diýdi hem-de Orsýet bilen “täzeden gurmak” syýasatynyň ýol almajakdygyny aýtdy.

Baýden 2014-nji ýyla çenli Owganystandan harbylary çykarmak baradaky plany goldap çykyş etdi we bu planyň owganystanlylaryň öz howpsuzlygyny özleriniň goramagyna mümkinçilik döreder diýdi.
XS
SM
MD
LG