Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda giň gerimde ähliumumy ýowar geçirildi


Şenbe güni Türkmenistanyň ähli regionlarynda giň gerimde ähliumumy ýowar geçirildi. Aşgabadyň günortasynda, Çandybil şaýolunyň gyrasynda geçirilen ýowarda prezident G.Berdimuhamedow ilkinji bolup ol ýerde ýaş nahal oturdyp, bu ýowara öz “ak patasyny” berdi.

Türkmenistanyň resmi mediasy şenbe güni umumymilli ýowar çäresine tutuş ýurt boýunça 320 müň töweregi adamyň gatnaşyp, onda 367 müňden gowrak ýaş agaç nahallarynyň oturdylandygyny habar berýär.

Soňky ýyllar Türkmenistanda şular ýaly nahal oturtmak çäreleri bilen utgaşdyrylýan ähliumumy ýowar çäresi her ýyl geçirilýär.

Şu ýylyň 2-nji martynda eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow şu ýyl Aşgabadyň golaýyndaky Änew we Baharly şäherçeleriniň aralygyndaky “Gök guşak” zolagynda jemi 1.5 million agaç nahalynyň oturdylmalydygy baradaky permana-da gol çekipdi.
XS
SM
MD
LG