Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-nyň we Arap Ligasynyň wekili eýranlylar bilen duşuşdy


Siriýa krizisi boýunça BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Eýranyň liderleri bilen Tähranda duşuşdy.

Lakhdar Brahimi ýekşenbe güni Prezident Mahmud Ahmedinejad we daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bilen gepleşik geçirdi.

Metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Brahimi Siriýadaky ähli güýçler üçin iberilýän ýaraglary togtatmaklyga çagyryş etdi.

Şeýle hem ol Siriýada dawanyň soňuna çykmak üçin ýaragly söweşleri haýdan-haý bes etmeklige, reforma we saýlaw geçirmek üçin gepleşiklere başlamaga çagyryş etdi.

Şaýylar tarapyndan dolandyrylýan Eýran prezident Başar al-Assadyň režiminiň esasy regional ýaranydyr.

Brahimi Eýrana Türkiýä saparyndan soň bardy.

Türkiýe we regionyň sünni musulmanlary tarapyndan dolandyrylýan ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany we Katar Assadyň režimini agdarmak isleýän pitneçileri berk goldaýarlar.
XS
SM
MD
LG