Anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet we parlament maslahatlarynda 2013-nji ýylyň döwlet býujeti bilen bagly meselelere garaldy.
Hökümet maslahatynda edilen teklipleriň esasynda anna güni Türkmenistanyň Mejlisi bu meselä giňişleýin garap, “Türkmenistanyň 2013-nji ýyl boýunça döwlet býujeti baradaky” kanunyň taslamasyny kabul etdi.
Býujet barada kabul edilen bu täze kanuna laýyklykda, geljek ýyl döwlet býujetiniň girdeji bölegi 86 milliard 336 million manada golaý, çykdajy bölegi bolsa 89 milliard 736 million manada golaý bolar. Bu býujet pulunyň 47.4 milliard manadyny geljek ýyl önümçilik we sosial-medeni pudaklara gönükdirmeklik göz öňünde tutulýar.
Resmi medianyň maglumatyna görä, 2013-nji ýylda, geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende, bilim pudagyna gönükdirilýän serişdeler 15.7%, saglygy saklaýyş pudagyna gönükdirilýän serişdeler 10.8% we medeni pudaga gönükdirilýän serişdeler 22.6% artdyrylar. Emma pu pudaklara anyk näçe puluň goýberiljekdigi barada maglumat berilmeýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň ozalky gol çeken permany esasynda geljek ýyl ilatyň aýlyk haklaryny we döwlet posobiýalaryny 10%, pensiýa töleglerini bolsa 15% artdyrmaklyk-da göz öňünde tutulýar.

Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?