Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Ýaşulular maslahaty geçirilýär


Sişenbe güni Balkan welaýatynda Türkmenistanyň ýaşulularynyň maslahaty açyldy.

Prezident G. Berdimuhamedow düýn bu maslahata gatnaşmak üçin Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine uçdy.

Türkmen metbugaty prezidentiň Türkmenbaşy şäheriniň uçar meýdanynda duz-çörek bilen garşy alnandygyny habar berýär.

Resmi maglumata görä, Ýaşulular maslahatynda “tutanýerli zähmetiň netijesinde durmuşa geçirilen işleriň jemi jemlener”, “demokratik özgertmeleri has-da tizleşdirmäge we çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berip, okgunly ösýän durmuş-ykdysady özgertmelere täze kuwwatly itergi berjek ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlener”.

Düýn Balkanda Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginiň 15-nji konferensiýasy geçirildi.
XS
SM
MD
LG