Germaniýanyň Federal auditorlar edarasy Bundesbanka ýurduň daşary ýurtlarda saklanýan altyn ätiýaçlyklary barlanmaly diýdi.
Altyn goýumlarynyň käbiriniň tapylmaýandygy barada gürrüň edilýär.
Auditorlaryň duşenbe güni çap eden hasabatynda altyn goýumlaryny barlamak üçin hiç wagt "fiziki" barlagçynyň iberilmändigi aýdylýar.
Germaniýanyň altyn goýumlary 3400 tonna, 190 milliard dollar möçberinde diýlip bilinýär we Ikinji Jahan Urşy gutaraly bäri Birleşen Ştatlaryň Federal ätiýaçlyk bankynda, Fransiýa bankynda, Angliýa bankynda saklanýar.
Bundesbank altyn goýumlarynyň "fiziki" barlagyna zerurlygyň ýokdugyny aýtdy.