Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahid: Eýrandaky ýagdaýlar barha erbetleşýär


BMG-niň Eýrandaky adam hukuklary boýunça ýörite habarçysy Ahmad Şahid. 2012 ý.
BMG-niň Eýrandaky adam hukuklary boýunça ýörite habarçysy Ahmad Şahid. 2012 ý.

BMG-niň Eýrandaky adam hukuklary boýunça ýörite habarçysynyň berýän maglumatyna görä, Eýran yslam respublikasynda her ýyl ýüzlerçe adam jezalandyrylyp öldürilýär. Onuň nygtaýşy ýaly, ýagdaýlar gitdigiçe ýaramazlaşyp, ýurtdaky dini we etniki azlyklara, şeýle-de gomoseksuallara görkezilýän basyş barha möwjeýär.

Duşenbe güni Nýu-Ýorkda žurnalistleriň we diplomatlaryň öňünde geçirilen metbugat konferensiýasynda Ahmad Şahid Eýranda şu ýylyň sekiz aýynyň dowamynda 300-e golaý adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy. Şahid munuň resmi hasaba alnan sanlardygyny belläp, asyl görkezijileriň has köp bolmagynyň mümkindigini hem sözüne goşdy. Şahid 2011-nji ýylda Eýranda 670 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýdyp, munuň dünýäniň iň uly görkezijileriniň biridigini belledi.

Metbugat konferensiýasynyň dowamynda Eýranda dini esasdaky yzarlamalara has köp Bahaýylar jemgyýetiniň sezewar bolýandygy hem nygtalyp geçildi.

Şahid şu hepdäniň ahyrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Adam hukuklary boýunça komitetine özüniň Eýran baradaky ýyllyk hasabatyny hödürlär. Maldiwleriň ozalky daşary işler ministri Şahid derňewçi wezipesine 2011-nji ýylyň iýunynda bellenipdi. Ol entek Eýrana barmagy başaranok.

“Barha erbetleşýän” ýagdaýlar

Duşenbe güni geçirilen maslahatyň dowamynda Şahid, özi bu wezipä geçeli bäri, Eýrandaky ýagdaýlaryň “barha erbetleşendigini” hem aýtdy. Ol: “Gynansam-da, hawa, men Eýranda adam hukuklary meseleleri boýunça hiç bir özgerilşikleriň bolmanlygy üçin aladalanýaryn. Garaz, ýagdaýlar erbetleşdi. Gynamalar baradaky maglumatlar henizem bar. Olar bu işi edenlerinde, jogapkärçilik çekilmelidir hem öýdenoklar” diýdi.

Şeýle-de Şahid resmi taýdan ykrar edilen azlyklaryň, ýagny sünni musulmanlaryň, derwüşleriň, hristianlaryň hem yzarlamalara sezewar edilýändigini nygtady. Emma resmi taýdan hasaba alynmadyk Bahaýylar jemgyýetiniň has köp basyşa sezewar edilýändigini-de Şahid çykyşynda belledi.

Eýranyň şaýy musulman liderleri Bahaýylar jemgyýetini dinsizler hökmünde häsiýetlendirip, olary ýazgarýarlar. Şahidi çykyşynda: “Emma hasaba alynmadyk Bahaýylar jemgyýetine, belki-de has köp azar berilýändir. Türmedäki bahaýylaryň sany artýar. Meniň elimdäki bar bolan maglumatlardan çen tutulsa, häzir olaryň 100-e golaýy gözenegiň aňyrsynda saklanylýar. Olar her dürli gysyşlara sezewar edilýär” diýip, belledi.

Geçen aý Şahid 2010-njy ýylyň ikinji ýarymyndan bäri Eýranda 300-e golaý hristianyň tussag edilendigini aýdypdy. Duşenbe güni eden çykyşynda ol yslamdan hristianlyga geçenlere hem Tähranyň basyş edýändigini nygtady.
XS
SM
MD
LG