Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda hokkeý ýaryşy geçirildi

Garaşsyzlygyň 21 ýyllygy mynasybetli, 22-25-nji oktýabr aralygynda Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň ikinji hokkeý meýdançasynda Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň hokkeý boýunça açyk birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa ýetginjekler toparynyň dördüsi, ýagny Sport baradaky döwlet komitetiniň "Bürgüt", "Türkmengaz" döwlet konserniniň "Oguz han", ýurduň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň "Alp Arslan" hem-de Içeri işler ministrliginiň "Galkan" komandalary gatnaşdy. "Galkan" birinji, "Oguz han" ikinji, "Bürgüt" topary bolsa üçünji orny eýeledi.

XS
SM
MD
LG