Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Metjitdäki partlamada azyndan 40 adam öldi


Anna güni Owganystanyň Farýab welaýatynyň Meýmene şäherindäki metjitde amala aşyrylan partlamada azyndan 40 adam ölüp, 70-den gowrak adam ýaralandy.

Janyndan geçen bir hüjümçi bu partlamany adamlaryň Gurban baýramy bilen baglanyşykly irki namazlaryny okamak üçin ýygnanan pursady amala aşyrdy.

Farýab welaýatynyň resmileri partlamada ölen adamlaryň sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Häzirlikçe bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Penşenbe güni talybanlaryň lideri Molla Omar öz tarapdarlaryny Gurban baýramynyň bellenilýän günleri islendik bir hüjümden saklanmaklygy çagyryp, beýanat edipdi.
XS
SM
MD
LG