Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýa oppozisiýasynyň täzelenmegini isleýär


Klinton täze oppozision gurluşda ýer almaly atlar we guramalar barada Waşingtonyň eýýäm maslahat berendigini aýtdy, Zagreb, 31-nji oktýabr.
Klinton täze oppozision gurluşda ýer almaly atlar we guramalar barada Waşingtonyň eýýäm maslahat berendigini aýtdy, Zagreb, 31-nji oktýabr.
Birleşen Ştatlar Siriýanyň oppozisiýasynyň liderliginde üýtgeşiklik görmek isleýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton aýdýar.

Klinton bosgunlykda dolandyrylýan "Siriýanyň milli geňeşinden" has öte geçip, prezident Başar al-Assadyň režimine garşy çaknyşykda "göreşýän we wepat bolýan" siriýalylaryň wekillerini hem çagyrmaga wagtyň ýetendigini aýtdy.

"Biz "Siriýanyň milli geňeşiniň" oppozisiýanyň görnükli wekili bolup bilmejekdigini açyk aýtdyk" diýip, Klinton aýtdy. "Olar has uly oppozisiýanyň bölegi bolup bilerler, emma ol oppozisiýada Siriýanyň içinden adamlar, şeýle hem kanuny sesleri eşidilmeli beýleki adamlar bolmaly".

Klinton bosgunlykdaky oppozisiýanyň käbir agzalarynyň 20 ýyldan gowrak wagt bäri Siriýa baryp görmändigini belledi.

Habar berlişine görä, 19 aý bäri režimiň garşysyna söweş alyp barýan dürli oppozisiýa toparlaryny birleşdirmekde "Siriýanyň milli geňeşiniň" iş başarmazlygy ony ABŞ-nyň resmileriniň ynamyndan gaçyrypdyr.

Çaknyşyklar dowam edýän döwri Klintonyň aýdan sözlerinden çen tutulsa, ABŞ Assadyň režimini agdarmak üçin oppozisiýanyň guramaçylygyny ýola goýmak boýunça tagallalaryny güýçlendirýäne meňzeýär.

Klintonyň beýanaty BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahkdar Brahiminiň araçylyk etmeginde ýola goýlan soňky hüjüm togtadyşlygynyň şowsuzlyga uçramagynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu çäre 35 müň adamyň ölümine sebäp bolandygy aýdylýan zorluklary bes etmegi maksat edinýärdi.

Gozgalaňçylara ýaragdan başga goldawlary berip gelýändigini aýdýan ABŞ Siriýanyň azlykdaky Alawy režimini häkimiýet başyndan aýyrmaga çagyrmakda Türkiýe, Saud Arabystany we Katar bilen ýaranlyk edýär.

Orsýet, Hytaý we Eýran režimiň agdarylmagy üçin halkara interwensiýasynyň ýokarlandyrylmagy boýunça çärelere garşy çykyp gelýär.

Çarşenbe güni Horwatiýa eden saparynyň dowamynda eden çykyşynda Klinton post-Assad Siriýada häkimiýeti belli bir sektanyň dolandyrmak ähtimallygy baradaky gorkularyň aradan aýrylmagy üçin oppozisiýa liderliginiň ähli siriýalylara wekilçilik etmelidigini nygtady.

Ol täzelenjek oppozisiýa liderliginiň yslamçy ekstremistleriň rewolýusiýany "alyp gaçmak" synanyşyklaryna garşy berk durmalydygyny hem belledi.

"Siriýa rewolýusiýasyny yslamçy ekstremistleriň alyp gaçmak synanyşyklaryna hem berk garşy durýan oppozisiýa gerek" diýip, Klinton aýtdy. "Siriýanyň içine aralaşýan we zalym režime garşy kanuny rewolýusiýany öz maksatlary üçin eýelemäge çalyşýan ekstremistler barada biynjalyk ediji maglumatlar bar".

Klinton Arap ligasynyň howandarlyk etmeginde indiki hepde Katarda geçiriljek duşuşygyň Assada garşy koalisiýany giňeltmek boýunça ylalaşyk gazanmak üçin pursat bolup biljekdigini hem belledi.

Ol täze oppozision gurluşda ýer almaly atlar we guramalar barada Waşingtonyň eýýäm maslahat berendigini aýtdy.

Çarşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan Siriýanyň hökümetiniň gozgalaňçy güýçlere garşy hüjüm etmek ukybyny peseltmek üçin bu ýurtda uçuş gadagançylygynyň girizilmegi baradaky kararyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine baglydygyny belledi.

BMG-niň weto hukugyna eýe bolan Hytaý we Orsýet Günbatar we Arap ligasy tarapyndan goldanylan we Siriýanyň režimine basyş etmegi maksat edinen üç sany rezolýusiýa taslamasyna garşy çykypdy.
XS
SM
MD
LG