Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Parahatçylyk komissiýasynyň başlygy öldürildi


Şenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Buner etrabynda janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda parahatçylyk meselesi boýunça ýerli komissiýanyň başlygy Fateh Khan hüjümiň pidasy boldy.

Buner etrabynyň merkezi şäheri bolan Daggar şäherinde bolan bu wakada janyndan geçen hüjümçi Fateh Khanyň maşynynyň edil öňünde partlama amala aşyrdy.

Ýerli habar agentlikleri partlamada Fateh Khanyň janpenalaryndan hem azyndan 3-4-siniň ölendigini habar berýärler. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Pakistanda talybanlar hökümet güýçleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýerli taýpa ýolbaşçylaryna we parahatçylyk komissiýalarynyň işgärlerine garşy ýygy-ýygydan hüjüm edýärler.
XS
SM
MD
LG