Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Maslahatda geçen 10 aýyň jemleri jemlenildi


Anna güni Aşgabatda şu ýylyň geçen 10 aýynyň jemlerine bagyşlanylyp, ýörite hökümet maslahaty geçirildi.

Maslahatda wise-premýer, prezident administrasiýasynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow öz hasabatyna şu ýylyň başky 10 aýynyň dowamynda ýurtda 18 sany serginiň we 23 sany konferensiýanyň gurnalandygyny-da belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow daşary gatnaşyklar boýunça edilen işler barada durup geçip, ýylyň başyndan bäri Türkmenistana 520 sany daşary ýurt delegasiýasynyň sapar edendigini, Türkmenistanyň özünden bolsa daşary ýurtlara 557 sany delegasiýanyň sapar edip gelendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şu hasabat döwründe 102 sany dürli hili halkara dokumentlerine gol çekilipdir.

Wise-premýer A.Goçyýewiň hasabatyna görä bolsa, şu ýylyň geçen 10 aýynyň dowamynda obalary özgertmek boýunça kabul edilen milli programmanyň çäklerinde bu maksat üçin goýberilen serişdeleriň özleşdirilişi geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 48.3% artypdyr.

Emma resmi maglumatlarda bu maksatlar üçin näçe puluň goýberilendigi hem-de näçe serişdäniň haýsy obýektlere sarp edilendigi barada anyk sanlar getirilmeýär.
XS
SM
MD
LG