Birleşen Ştatlaryň saýlawçylary sişenbe güni ýurduň indiki prezidentini saýlamak üçin ses berýärler.
Ilkinji saýlaw uçastoklary Praga wagty bilen sagat 12-de, Aşgabat wagty bilen sagat 16-da açyldy. Olar prezident Barak Obama ikinji möhleti bermelimi ýa-da onuň ýerine Respublikan garşydaşy Mit Romnini Ak tama getirmelimi diýen meseläni çözýärler.
Pikir soralyşyklaryň köpüsi dalaşgärleriň hakykatda bütin ýurt boýunça halk köpçüliginiň ses bermegine baglanandygyny görkezýär.
Emma halk köpçüliginiň sesi ýeňijini kesgitlemeýär. Muňa derek, dalaşgäriň ýeňmegi üçin aýry-aýry ştatlardan, şeýle-de Waşingtondan, Kolumbiýa okrugyndan azyndan 270 saýlaw sesini almagy gerek.
Bu sesler ştatlara we Birleşen Ştatlaryň paýtagtyna ilat sany boýunça berlen. Pikir soralyşyklar Obamanyň Romniden entek belli karara gelmedik ştatlarda biraz öňde barýandygyny görkezýär.
Belli karara gelmedik ştatlaryň esasylary Florida, Ohaýa, Wirjiniýa we Koloradodyr.