Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň ozalky içeri işler ministri, goranmak edarasynyň iki resmisi tussag edildi


Gürjüstanyň goranmak ministrliginiň iki sany resmisi Tbiliside tussag edildi. Mundan bir gün öň bolsa ýurduň öňki içeri işler ministri türmede dörän bidüzgünçilikler sebäpli tussag edilipdi.

Gürjüstanyň harby goşunynyň baş stabynyň komanduýuşisi Georgi Kalandadzäniň we Goranmak ministrliginiň bölüm komandiri Dawid Şamatowanyň aklawjysynyň aýtmagyna görä, bu iki adam çarşenbe güni irden tussag edilipdir, ýöne olara garşy häzirlikçe aýyplama bildirilmändir.

Sişenbe güni tussag edilen Gürjüstanyň öňki içeri işler ministri Baço Ahalaýa wagtlaýyn izolýasiýada saklanýar.

Prezident Mihail Saakaşwiliniň ýakyn ýarany Ahalaýa sentýabr aýynda türmedäki bendileriň gynalýan pursatyny suratlandyrýan wideo ýaýradylandan soň wezipesinden çekildi.

Ahalaýa bu zalymlykda öz rolunyň bardygy baradaky çaklamalara “samsyklyk” we “absurd” diýip baha berdi.
XS
SM
MD
LG