Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň harby güýçleriniň baş ştabynyň ýolbaşçysy täzelendi


Anna güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin general Waleriý Gerasimowy ýurduň harby güýçleriniň baş ştabynyň başlygy wezipesine belledi.

Munuň öňýany baş ştabyň ozalky başlygy Nikolaý Makarow prezidentiň permany bilen wezipesinden boşadylypdy. Emma onuň wezipeden boşadylmagynyň sebäpleri barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Anna güni prezident Putin Goranmak ministrliginiň düzümindäki başga-da birnäçe ýokary derejeli resmini wezipesinden boşatdy.

Goranmak ministrliginiň düzümindäki korrupsiýa bilen baglanyşykly ýakynda Putin goranmak ministri Anatoliý Serdýukowy-da wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Sergeý Şoýguwy belläpdi.
XS
SM
MD
LG