Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň oppozision Geňeşine täze ýolbaşçy saýlanyldy


Şenbe güni Siriýanyň oppozision Milli Geňeşiniň başlyklygyna saýlanan George Sabra Siriýadaky halk gozgalaňlaryna daşary ýurtlar tarapyndan goldaw berilişinden nägiledigini aýtdy.

Oppozision Milli Geňeşiň Dohada geçýän häzirki maslahatynda eden çykyşynda ol: “Gynansak-da, biz käbir beýanatlardan we ruhlandyryjy sözlerden başga daşary ýurtlardan hiç hili goldaw görmedik” diýip belledi.

George Sabra şenbe güni irden Siriýanyň oppozision Milli Geňeşiniň Dohada geçýän maslahatynda bu Geňeşiň başlyklygyna saýlandy.

Birleşen Ştatlar bilen birlikde käbir beýleki Günbatar we arap ýurtlary Siriýanyň oppozision Milli Geňeşiniň geriminiň has giňemegini hem-de onuň resmi bir organ hökmünde halkara derejesinde ykrar edilmegini we ýurduň geljekki geçiş prosesine taýýar bolmagyny isleýärler.
XS
SM
MD
LG